Sen bolmasañ ýok ýalydy ýaşaýyş,
Sen bolmasañ gün geçmejek hamala.
Şol sözlän sözleriñ ýüregme nagyş,
Goýdyñ gitdiñ meni müñläp gümana.
Emma ..ýalan boldy ähli çaklama....
Diñ saldym men, ýüregme däl, aklyma.
Baglaram, daglaram gül açdy sensiz,
Saña däl, barlyga , güllere, asmana
Aşyk men çensiz
Bu bäş günlik dünýä,gelde sanap gör,
Bolmaýyn ker hem,bolmaýyn kör,
Bolmaýyn binamys bolmaýyn jahyl,
Diýsinler “imanly gitdi pylan pahyr...”
Kimi gözleýär ýaşlyk,kime gözleýär bagty,
Sen bolmaýyn däde!Ýatan ýeriň ýagty...
Bolmaýyn ulumsy bolmaýyn görüp,
Jüwümi barlaýyn hemişe garyby görüp.